“DAIŞ-i kim döreden bolsa PÝD-ni döreden hem şoldyr”

Türkiýäniň Prezidenti Erdogan Siriýanyň demirgazygyndaky Afriniň aýralykçy terror guramasy PKK-nyň sebitdäki şahasy PÝD/ÝPG-den saplanmalydygyny belledi

“DAIŞ-i kim döreden bolsa PÝD-ni döreden hem şoldyr”

Prezident we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy R.T. Erdogan partiýasynyň merkezinde Welaýat başlyklarynyň giňeldilen maslahatynda söz sözledi.  

Türkiýäniň Afrini terrorçylardan saplap, ol ýerdäki gözegçilik nokatlarynda agdyklyk edýän güýç boljakdygyny aýdan Erdogan: “Muny etmäge mejburdyrys. Hyzmatdaşlaryň arasynda ýeňiljek ýagdaýda çözülip bilinjek mesele ABŞ tarapyndan petiklendi” diýdi.

Rakakda we Münbiçde ABŞ bilen bilelikde operasiýa geçirmeklik barada teklip bildirendiklerine garamazdan, ABŞ-niň terror guramalary bilen hereket etmegi saýlandygyny aýdan Erdogan ABŞ-nyň Münbiçde PÝD, ÝPG galmaz diýmegine garamazdan sözünde durmandygyny, emma şol oýuny Afrinde oýnatmajakdyklaryny belledi.

Erdogan: “Türkiýäniň DAIŞ we PÝD operasiýalarynyň düýbüni paltalaýan ABŞ-niň meýilini bilýäris” diýdi.

Çykyşynda terroryň arkasyndaky güýçleriň hem üstünde durup geçen türk lider: “DAIŞ-i kim döreden bolsa PÝD-ni döreden hem şoldyr. PÝD-ni kim arşa çykaran bolsa, Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň garaşsyzlygyna alyp göteren hem şoldyr. Fetullahçy terror guramasyny öz gol astynda ulaldandyklaryny hem ýatdan çykarmaly däldiris. DAIŞ-iň we PÝD-niň Rakkada gol-gola tutuşmagyna sesleriň çykmaýandygyny görýäris. Siriýa Demokratik güýçlerini hiç kim bize demokratik hökmünde garamagymyza garaşmasyn, onuň ady demokratik bolsada özi terror guramadyr” diýdi.


Etiketkalar: ÝPG , PÝD , ABŞ , Afrin , Prezident Erdogan

Degişli Habarlar