Erdogan Çipras bilen duşuşdy

Erdogan Türkiýäniň we Gresiýanyň özara gatnaşyklara oňyn garamalydygyny aýtdy

Erdogan Çipras bilen duşuşdy

 

Prezident R.T.Erdogan Gresiýa guraýan saparynyň çäginde Premýer ministr Aleksis Çipras bilen duşuşdy

Erdogan Türkiýäniň we Gresiýanyň özara gatnaşyklara oňyn garamalydygyny aýtdy

Erdogan Çipras bilen bolan duşuşygynda sözlän sözünde iki ýurduň bilelikde edere işiniň köpdügini nygtady.

Prezident Erdogan: “Käsäniň doly tarapyna seredeliň. Gepleşiklerimizi şoňa laýyklykda alyp baralyň. Aslyna seredilende halklarymyzyň umumy taraplary köp. İdeologik düşünjeden saplanyp bilmedikleri bir gyra iteliň. Biziň haýsydyr bir goňşy ýurduň ýerinde gözümiz ýok” diýdi.

Erdogan: “Biz geçmişde eriş-argaç bolan ýurtlar. Bärde garyndaşlarymyz bar, bizde siziň garyndaşlaryňyz bar. Käşgä geçmişde käbir ýalňyşlyklar sebäpli grek raýatymyz ýurdumyzdan gaýtmadyk bolsady. Ýalňyşlary taryha göýdük. Geljegi ynam bilen guralyň. Şol ugurda edere işimiz köp. Eger hakykatdan hem ylalaşykly, düşnüşip işlesek bulary çözeris” diýdi.

Erdogan Gresiýanyň halkyna şahsy we türk halkynyň adyndan minnetdarlygyny bildirdi.

Gresiýanyň Premýer ministri Çipras bolsa Türkiýe bilen ÝB-niň arasynda 2016-njy ýylyň 18-nji martynda gazanylan bosgunlar baradaky ylalaşyga ünsi çekip; “Türkiýe wadalarynda durup, Egeý denizinden bosgunlaryň geçişini azaltdy we ylalaşygy berjaý etdi” diýdi.

Çipras: “Türkiýäniň Prezidenti tarapyndan onlarça ýyl soň ilkinjisi guralan saparyň geljek üçin batyrgaý ädimleri ätmegimiz üçin möhüm pursat döredýändigine ynanýaryn” diýdi.



Degişli Habarlar