Trampyň Ierusalim hakyndaky kararyna ýurduň çar tarapynda berk garşylyk görkezilýär

Protest ýörişinde ABŞ bilen Ysraýyl berk ýazgaryldy

Trampyň Ierusalim hakyndaky kararyna ýurduň çar tarapynda berk garşylyk görkezilýär

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Ierusalim hakyndaky kararyna ýurduň çar tarapynda berk garşylyk görkezilýär.

Palestinanyň baýdagyny eline alan müňlerçe adam ABŞ-nyň ilçihanasynyň we Baş konsullyklarynyň öňünde jemlenişdi.

Jemgyýetçilik guramalarynyň goldaw berilmeginde geçirlen protest ýörişinde ABŞ bilen Ysraýyl berk ýazgaryldy.

Memur-Sen kärdeşler arkalaşygy 81 welaýatda şol bir wagtda beren beýanatynda ABŞ-nyň Prezidenti Trampyň Ierusalim kararynyň täze basyp alyşlyklara we çaknyşyklara sebäp boljakdygy nygtaldy.



Degişli Habarlar