Prezident Erdogan Marmara uniwersitetinde çykyş etdi

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan Marmara uniwersitediniň döredilmeginiň 135 ýyllygy bilen bagly geçirilen dabara gatnaşdy

Prezident Erdogan Marmara uniwersitetinde çykyş etdi

Erdogan: “Fetullahçy terror guramasy/Paralel döwlet ulgamy FETÖ/PDÝ bu milletiň çagalaryna ýetiren zyýanlary bilen gelejegimizi elimizden aldy. Gelejegimizi ogurlady we jemgyýeti böldi” diýdi.

Erdogan: “Bilim diýmek azat pikir etmek diýmekdir. Siz zehiniňizi belli bir formanyň, belli bir ideologiýanyň, belli bir ugurlara garaşly etseňiz alym adyňyzy ýitirdigiňiz diýmekdir” diýdi.

Erdogan: “Ýalňyş düşünäýmäň. Men ähli alymlar biziň isleýşimiz ýaly pikir etsin diýmeýärin. Toba. Men kellesini bular ýaly adamlara garaşly eden ýa-da kreýine beren adamlara aýdýaryn. Zyýanyny köp gördik” diýdi.

Prezident Erdogan: “Prezident ulgamyna geçilýän bu döwürde we öňümizdäki wagtlarda ylymdan köp zada garaşýaryn. Ýurdumyzyň, milletimiziň we adamzadyň hyzmatyna beriljek esasan hem maksadyna ýetip bilmedik, dogry ugura gönükdirilmedik ylym, otaglaryň 4 diwarynyň ýa-da kitaplaryň iki gapagynyň arasynda galmaga sezewar bolýar” diýdi.


Etiketkalar: ylym , bilim , uniwersitet , Marmara , Erdogan

Degişli Habarlar