Türkiýe Ysraýylyň soňky kararyny ýazgardy...

Türkiýäniň hökümeti Ysraýylyň täze ýaşaýyş ýerlerini gurmak barada kabul eden kararyny ýazgardy

Türkiýe Ysraýylyň soňky kararyny ýazgardy...

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi Ysraýylyň bikanun gurulan ýaşaýyş ýerlerinde ýene-de 1 müňden gowrak goşmaça jaý gurmak barada karar kabul etmegi we palestinalylara garşy hetdenaşa güýç ulanmagy bilen bagly beýanat berdi.

Beýanatda: “Ysraýylyň resmileriniň gabaw astynda bolan Günbatar Şeriadaky bikanun gurulan ýaşaýyş ýerlerinde ýene-de goşmaça 1 müňden gowrak jaý gurmak barada karar kabul etmegini we basyp alyjy güýç tarapyndan ulanylýan hetdenaşa güýçleriň netijesinde Gazada we Nablusda 2 adamyň ýogalmagyny berk ýagdaýda ýazgarýarys” diýilýär.

Beýanatda mundan başgada: “Ysraýylyň hökümetiniň Palestinanyň halkynyň başda ýaşaýyş hukugy bolmak bilen adaty hukuklarynyň düzgünlerini bozýan, sebitde çaknyşyk howpynyň ýüze çykmagyna iterýän, halkara hukugy we BMG-niň degişli kararlaryny bozýan, halkara jemgyýetiň her dürli reaksiýasyny äsgermeýän bu jogapkärçiliksiz pozisiýasyny iň gysga wagtda bes etmegi hökmanydyr” diýilýär.



Degişli Habarlar