Çawuşogly ABŞ-na guraýan iş saparynyň çäginde türk raýatlary bilen duşuşdy

“Terror guramasy FETÖ-niň dönük guramadygyna bütin dünýä göz ýetirdi. Inşalla ABŞ hem muňa göz ýetirer"

Çawuşogly ABŞ-na guraýan iş saparynyň çäginde türk raýatlary bilen duşuşdy

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly ABŞ-na guraýan iş saparynyň çäginde  Los Anželes şäherinde türk raýatlary bilen duşuşdy.

Çawuşogly duşuşykda “Terror guramasy FETÖ-niň dönük guramadygyna bütin dünýä göz ýetirdi. Inşalla ABŞ hem muňa göz ýetirer. Gynansakda Amerika şu günki güne çenli bize bu meselede ýeterlik goldaw bermedi. Dönükleriň yzyna berilmegi baradaky talabymyz kanagatlandyrylmady” diýidi.

Türk-Amerikan gatnaşyklarynda başdan geçirilýän kynçylyklar hakynda hem durup geçen Çawuşogly “ABŞ biziň esasy hyzmatdaşlarymyzdan biri. Käbir meselelerde garaýyş tapawutlylygy we dartgynlyklar bolup biler. FETÖ bilen birlikde ABŞ-nyň PÝD-ä ýarag bermegi sebäpli gatnaşyklarymyz dartgynlaşdy. Şol dartgynlyklary gepleşik arkaly çözmäge çalyşýarys. İki gün soň Wankuwerde ABŞ bilen möhüm duşuşyk bar” diýdi.

Siriýada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda hem durup geçen Çawuşogly, “Siriýada geçen ýyllarda diňe gyrgynçylyklar barada gürrüň edilýärdi. Emma 2017-nji ýylda esasan Astana etaby bilen birlikde şu günki günde Siriýada ýagdaý biraz gowy. Emma syýasy çözgüt bolmazdan Siriýada durnuklylyk üpjün edilip bilinmez we biz syýasy etaba gönükdük. Türkiýe bu meselede esasy rol oýnaýar” diýdi.

Yrakdaky soňky wakalar hakynda maglumat beren Çawuşogly “Yrakdaky kynçylygyň çözülmegi üçin iki tarap hem biziň töwellaçy bolmagymyzy isleýär. Yragyň durnuklylygy we bitewiligi biziň üçin diýseň möhüm. Aýyň 21-de Bagdada gideris. Türkiýe meseläniň çözülmeginde uly rol oýnar”diýdi.



Degişli Habarlar