“Egeý deňizindäki dartgynlyk iki tarapyň hem bähbidine bolmaz”

Türkiýe, Gresiýa bilen Egeý deňizinde başdan geçirilýän dartgynlygyň iki tarapyň hem bähbidine bolmajakdygyny belledi

“Egeý deňizindäki dartgynlyk iki tarapyň hem bähbidine bolmaz”

Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Hami Aksoý Kardak adalarynyň töwereginde başdan geçirilýän dartgynlykdan soň beren beýanatynda: “Ministrligimiz Gresiýanyň Daşary işler ministrliginiň Baş sekretaryna jaň etdi we Egeý deňizinde dartgynlygyň möwjemeginiň her iki ýurdyň hem bähbidine bolmajakdygyny, grek tarapyna bu howply hereketlerini bes etmeldigi açyk ýagdaýda ýetirildi” diýdi.

Hami Aksoý Gresiýanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan berilen beýanat baradaky soraga ýazmaça jogap berip: “Gresiýanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan 13-nji fewralda berilen beýanatda Kardak adalary sebitinde başdan geçirilen howply hadysa bilen baglanşykly Gresiýanyň Daşary işler ministrliginiň Baş sekretarynyň ministrligimize garşy güýçli ýagdaýda protest edendigi öňe sürüldi. Gynansagam grek tarapy bu beýanaty bilen biz tarapyndan öwrenişilen ýagdaý bolan öz jemgyýetçilik pikirini ýalňyşdyrýar we hakykatlary hemişe bolşy ýaly ýoýar” diýdi.



Degişli Habarlar