Prezident Erdogan Saud Arabystanynyň Şasy bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Prezident Erdogan Afrin etrabynda terrorçylara garşy başladylan Zeýtun şahajygy operasiýasy barada maglumat berdi

Prezident Erdogan Saud Arabystanynyň Şasy bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

 

Prezident R. T. Erdogan Saud Arabystanynyň Şasy Salman Bin Abdülaziz Al Suud bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde Türkiýäniň Siriýanyň Afrin etrabynda terrorçylara garşy başladan Zeýtun şahajygy operasiýasy barada maglumat berdi.

Afrinde terrorçylar zerarly öýlerini terk eden araplaryň, kürtleriň we türkmenleriň operasiýa goldaw berýändigini aýdan Prezident Erdogan, operasiýalaryň ýerli halkyň öýlerine dolanmaklaryny ýany bilen alyp geljekdigini nygtady.

Prezident Erdogan bilen Saud Arabystanynyň Şasy Salman Siriýanyň territorial bitewiligine we syýasy çözgüde ähmiýet berýändiklerini we bu meselede hyzmatdaşlygyň artdyrylmagynyň ähmiýetini nygtadylar.

Saud Arabystanynyň Şasy Salman Ženewa etrabyna we Siriýa meselesindäki halkara tagallara goldaw berýändiklerine ünsi çekdi.

Prezident Erdogan bilen Saudy Şasy telefon söhbetdeşliginde şeýle hem Türkiýe bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky iki taraply gatnaşyklaryň güýçlendirilmegi babatynda ylalaşyk gazandy.

Prezident Erdogan bilen Saudy Şasy Premýer ministr Binali Ýyldyrymyň dekabr aýynda Saud Arabystanyna guran saparynyň netijeleri barada pikir alyşdy.

 



Degişli Habarlar