Mewlüt Çawuşogly Ýens Stoltenberg bilen duşuşyk geçirdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Türkiýäniň terrora garşy göreşde diskriminasiýa sezewar bolýandygyny belledi

Mewlüt Çawuşogly Ýens Stoltenberg bilen duşuşyk geçirdi

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg Türkiýä guraýan saparynyň çäginde paýtagt Ankarada Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen duşuşyk geçirdi.

Iki ýolbaşçy duşuşykdan soň umumy metbugat ýygnagyny geçirdiler.

Mewlüt Çawuşogly çykyşynda: “NATO-dan terrora garşy göreşde has köp goldawa garaşýarys. Baş sekretaryň meňzeş düşünjä eýedigini bilýäris we özüne minnetdarlyk bildirýäris. Terrora garşy göreşde diskriminasiýa sezewar bolýarys. Ähli terror guramalaryna garşy göreşimiz dowam eder” diýdi.  

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň Siriýa guralan howa operasiýalaryň üstünde durup geçen mahaly “Türkiýe bilen Russiýany biri-birinden aýyrdyk” sözlerini ýatladan Çawuşogly: “Fransiýanyň Prezidentiniň beren beýanatlary tapawutly ýurtlar tarapyndan ýalana çykaryldy. Bir Prezidente gelişjek beýanatlara garaşýarys. Makron Russiýa we Eýran bilen aýyň başynda Ankarada geçirilen maslahata gelmek isledi. Üçtaraplaýyn maslahata gatnaşdyrylmansoň, gelip bilmedi. Bu wakalar Dumadaky hüjümden ozal başdan geçirildi” diýdi.

Mewlüt Çawuşogly: “Russiýa bilen gatnaşyklarymyz Fransiýanyň Prezidentiniň sözleri bilen bozulmaz. Biz Russiýa bilen güýçli gatnaşyklara eýediris. Bular ýaly beýanatlar dogry beýanatlar däl” diýdi.

Stoltenberg hem öz gezeginde Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň Siriýanyň Afrin sebitinde ekstremist terror guramasy PKK/KCK/PÝD-ÝPG we DAIŞ-e agza terrorçylary täsirsiz ýagdaýa getirmek, sebitiň dost we dogan halkyny basyşdan we zulumdan halas etmek maksady bilen 20-nji ýanwarda başladan Zeýtun şahajygy operasiýasynda Türkiýäniň ünsli hereket etmeginden hoşaldyklaryny belledi.



Degişli Habarlar