Prezident Erdogan dünýäniň parahatçylygy üçin çagyryş etdi

Prezident R. T. Erdogan Stambulda geçirlen Halkara telekeçilik kongresinde çykyş etdi

Prezident Erdogan dünýäniň parahatçylygy üçin çagyryş etdi

Çykyşynda Siriýada asuda ilatyň ýogalýandygyny aýdan Erdogan çem gelen ýeri bombalaýan ýurtlara “Geliň dünýäniň parahatçylygy üçin tagalla edeliň” diýip çagyryş etdi.

Asuda ilatyň ýogalmagyna sebäp bolýan ýurtlaryň dillerinden parahatçylygyň düşmeýändigini aýdan Erdogan, dünýä liderlerine içgin bolmak çagyryşyny berdi.

Şenbe güni Siriýada himiki ýarag ulanan Siriýanyň hökümetine garşy ABŞ-nyň ýolbaşçylyk etmeginde guralan howa hüjümi barada hem durup geçen Erdogan “Himiki ýarag ulanandyklary üçin bombaladyk diýýäler. Konwensional ýarag sebäpli ýogalanlary bir gapdala goýup, diňe himiki ýaraglar bilen öldürlenlere serediň diýmek bolarmy, eýsem şeýle adalat bolarmy ?” diýdi.

Türkiýäniň bosgunlar üçin häzire çenli 31 milliard dollarlyk çykdajy edendigini aýdan Erdogan, ÝB-niň bosgunlar üçin Türkiýä diňe 6 milliard ýewrolyk kömek bermek barada söz berendigini emma sözünde durmandygyny aýtdy.

 


Etiketkalar: himiki ýarag , Siriýa , şenbe , Erdogan

Degişli Habarlar