Çawuşogly: “Garaşsyz Palestina döwletiniň ykrar edilmegi üçin işläris”

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşygly garaşsyz Palestina döwletiniň ykrar edilmegi üçin iş alyp barjakdyklaryny aýtdy

Çawuşogly: “Garaşsyz Palestina döwletiniň ykrar edilmegi üçin işläris”

Çawuşogly Konýa Selçuk uniwersitetiniň Ykdysady we edara ylymlary fakultetinde geçirilen “Girişgen we ynsanperwer taraplary bilen Türk daşary syýasaty” temaly maslahata gatnaşdy.

Çawuşogly ol ýerde sözlän sözünde: “Şu günki güne çenli garaşsyz Palestina döwletini ykrar etmek isläp, ykrar etmekde ikirjiňlenen ýurtlar bilen ähli halkara jemgyýetçiliginde arkalaşykly işleşeris. Olary höweslendireris. İndi garaşsyz Palestina döwletiniň ykrar edilmegi we BMG-na agza bolmagy üçin gije-gündiz işläris we onuň hötdesinden geleris” diýdi.

Çawuşogly: “Tagallalarymyzyň ýeke-täk maksady bar. İndi Palestina meselesine düýpleý çözgüt tapmak. Ysraýylyň edenlerine-de degişli çäre görülmeli. Ysraýyl hasabat bermeli we bererem” diýdi.



Degişli Habarlar