Goşun generaly Akar NATO-nyň Brýusselde geçirlen maslahatyna gatnaşdy

Türkiýäniň adyndan maslahata Baş ştabyň başlygy goşun generaly Hulusi Akar gatnaşdy

orgeneral akar nato bruksel.jpg

NATO-nyň harby komitetine agza ýurtlryň  Baş ştablarynyň başlyklarynyň 179-njy maslahaty Belgiýanyň paýtagty Brýusselde geçirildi.

Türkiýäniň adyndan maslahata Baş ştabyň başlygy goşun generaly Hulusi Akar gatnaşdy.

Maslahatda NATO-nyň Ýakyn Gündogary we Demirgazyk Afrikany öz içine alýan “Günorta ýurtlary strategiýasy”, kollektiw goranyş we ýüz öwürdijileriň çäginde görlen çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Goşun generaly Akaryň maslahatyň çäginde ABŞ-nyň Baş ştabynyň başlygy goşun generaly Dunford, Awstraliýanyň Baş ştabynyň başlygy goşun generaly Binskin, Kanadanyň Baş ştabynyň başlygy goşun generaly Wans we Gresiýanyň Baş ştabynyň başlygy goşun admeraly Apostolakis bilen özara duşuşyk geçirdi.

Akar bilen Dunfordyň metbugata ýapyk häsiýetde geçiren duşuşygynda özara gatnaşyklar bilen birlikde Siriýadaky we Ýakyn Gündogardaky soňky wakalar gün tertibine getirildi.

 



Degişli Habarlar