Prezident Erdogan Katoliki dünýäniň dini lideri Papa Fransisk bilen söhbetdeş boldy

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan Katoliki dünýäniň dini lideri Papa Fransisk bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Prezident Erdogan Katoliki dünýäniň dini lideri Papa Fransisk bilen söhbetdeş boldy

Prezident Diwany çeşmelerinden alynan maglumata görä telefon söhbetdeşliginde jöhitler, hristianlar we musulmanlar tarapyndan mukaddes hasap edilýän Iýerusalimdäki soňky wakalar we Gazada palestinaly demonstrantlaryň nyşana alynmagy bilen bagly başdan geçirilýän dartgynlyk ara alynyp maslahatlaşyldy.

Üç din üçin mukaddes bolan Iýerusalimiň statusynyň düzgüniniň bozulmagynyň kabul edilmejekdigini aýdan Prezident Erdogan Gazada goragsyz palestinalylara garşy edilýän adamzat gymmatlyklaryna ters gelýän hüjümleriň we adam pidalarynyň utandyryjydygyny belledi.  

Türkiýäniň döwürleýin başlygy hökmünde 18-nji maýda Stambulda Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň nobatdan daşary maslahatynyň geçiriljekdigini aýdan türk lider BMG-niň garamagynda meseläniň ele alynmagynyň örän wajypdygyny beýan etdi.

Başdan geçirilýän hadysalara çuňňur gynanç bildiren Papa Fransisk parahatçylyk üçin Iýerusalimiň ýörite bir statusa eýe boljak iki döwletli bir çözgüdiň hökmanydygyny nygtady.

Bigünä adamlaryň nyşana alynmagyny we adamlaryň janyna kast edilmeginiň kabul edilmejekdigini aýdan Papa Fransisk: “Halkara jemgyýet çözgüt üçin BMG-niň ýolbaşçylygynda gerek bolan çäräni görmeli” diýdi.



Degişli Habarlar