Prezident Erdogan Twitteriň üsti bilen ýerli ulag barada maglumat berdi

Erdogan elektrik tok bilen işlejek ýerli ulagyň 2021-nji ýylda ýola çykjakdygyny belläp, onuň ýurdyň jemi içerki önümine  50 milliard ýewro peýda getirjekdigini habar berdi

Prezident Erdogan Twitteriň üsti bilen ýerli ulag barada maglumat berdi

Twitteriň üsti bilen elektrik tok bilen işlejek ýerli ulag barada maglumat beren Erdogan Türkiýäniň ulagynyň ýurdyň ykdysadyýetine goşjak goşantlaryny sanady.

Erdogan: “Pudagyň 100-e golaý kiçi bölümleri emele geler. Maglumat, programma üpjünçiligi we sifrowoý tehnologiýalar özgerer. Nebite bolan garşlylygymyz azalar. Döwrebap ulgamlar bilen geljegiň tehnologiýalary ýüze çykmaga başlar” diýdi.

Awtomobil senagatynyň eksporty görkezilen suratda  2002-nji ýylda 4,8 milliard dollar bolan eksportyň 6 esse artyp, 2017-nji ýylda 28,5 milliard dollar çykandygy, ulag senagatyndaky ýyllyk önümçiligiň bolsa 2002-nji ýylda 347 müň sany bolan bolsa, 2017-nji ýylda 1 million 696 müňe ýetip 4,8 esse artandygy görülýär.  


Etiketkalar: eksport , pudak , ulag , Twitter

Degişli Habarlar