Prezident Erdogan NATO maslahatyna gatnaşýar

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Belgiýanyň paýtagty Brýusselde geçirilýän NATO maslahatynyň 2-nji gününde duşuşyklar geçirer

Prezident Erdogan NATO maslahatyna gatnaşýar

Prezident Erdogan Brýusselde ilki bilen NATO-nyň Döwlet we hökümet Baştutanlarynyň maslahatynyň 3-nji oturlyşygyna gatnaşdy, soň bolsa Italiýanyň Premýer ministri Juzeppe Konteni kabul etdi.

Erdogan ondan soň bolsa maslahatyň Owganystan temaly bölümine gatnaşar.

Türk lider Erdogan Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, Ukrainanyň Prezidenti Petro Poroşenko, Bolgariýanyň Prezidenti Radew bilen duşuşyk geçirer.

Erdogan günortandan soň bolsa Owganystanyň Prezidenti Eşref Gani Ahmedzai we Gresiýanyň Premýer ministri Çipras bilen duşuşyk geçirer.

Erdogan NATO maslahatynyň tamamlanmagyndan soň, şu gün agşam ýurda gaýdyp geler.


Etiketkalar: Owganystan , Türk lider , Erdogan

Degişli Habarlar