Terrorçylyga garşy göreş dowam edýär

Türk ýaragly güýçleriniň Osmaniýa, Şyrnak we Diýarbakyr welaýatlarynyň çetki obalarynda geçiren howa operasiýasynda 17 PKK terrorçysy ýok edildi

Terrorçylyga garşy göreş dowam edýär

Baş ştabdan berilen beýanata görä Osmaniýede, Şyrnagyň Beýtüşşebap we Diýarbakyryň Kulp etrabynyň çetki obalarynda terrorçylara garşy operasiýa guraldy.

Operasiýalaryň netijesinde 17 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi habar berildi.

Şyrnak welaýatynyň Beýtuşşebap etrabynda ýaralanan terrorçylardan biriniň guramananň “Kelmehmetler fronty” diýilýän toparynyň jogapkäri “Mehmet Goýi” lakamly Kadri Baýram diýilýän raýatdygy kesgitlendi.

Bitlis welaýatynda 28-nji iýunda geçirilen operasiýada täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylardan biriniň gyzyl sanawdaky PKK/KJK terrorçysy, Garzan welaýatyndan jogapkär Sefer Açar diýilýän raýatdygy anyklandy.


Etiketkalar: Şyrnak , PKK , Bitlis , Baş Ştab

Degişli Habarlar