Türk lider Erdogan Germaniýanyň Federal Kansleri bilen duşuşdy

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan NATO maslahatynyň çäginde Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel bilen ikiçäk duşuşyk geçirdi

Türk lider Erdogan Germaniýanyň Federal Kansleri bilen duşuşdy

Belgiýanyň paýtagty Brýusseldäki maslahatda ikiçäk duşuşyklar geçiren Erdoganyň gepleşik geçiren ilkinji lideri Angela Merkel boldy.

Erdogan-Merkel duşuşygy takmynan 40 minut dowam etdi.

Germaniýanyň Federal Kansleri Erdogany 24-nji iýundaky saýlawda wezipesine ýaňadandan saýlanmagy mynasybetli gutlady.

Duşuşyga Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Milli Goranmak ministri Hulusi Akar we Prezidentiň Metbugat sekretary Ibrahim Kalyn hem gatnaşdy.


Etiketkalar: Angela Merkel , Erdogan , Belgiýa

Degişli Habarlar