"ABŞ, şuňa meňzeş sanksiýalar we basyşlar bilen hiç hili netije alyp bilmez"

Türkiýe ABŞ-nyň sanksiýalaryna degişli jogabyň beriljekdigini malim etdi

"ABŞ, şuňa meňzeş sanksiýalar we basyşlar bilen hiç hili netije alyp bilmez"

Türkiýe ABŞ-nyň sanksiýalaryna degişli jogabyň beriljekdigini malim etdi.

Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Hami Aksoý ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Türkiýäniň ABŞ-na edýän polat we alýumin eksportyna goýan goşmaça salgydy baradaky soraga ýazmaça beýanat berdi.

Prezident Trampyň Bütindünýa söwda guramasynyň düzgünlerine äsgermezçilik edip, Türkiýäniň polat we alýumin eksportyna goşmaça salgyt goýýan karary baradaky soraglara jogap beren Aksoý “ABŞ, şuňa meňzeş sanksiýalar we basyşlar bilen hiç hili netije alyp bilmez, tersine uly synaglardan geçip gazanylan hyzmatdaşlyk gatnaşyklarymyza zeper ýetirjekdigini bilmeli” diýdi.

Türkiýä garşy bolan her bir herekete şu günki güne çenli bolşy ýaly mundan soň hem degişli jogabyň beriljekdigini nygtan Aksoý, Türkiýäniň kynçylyklaryny hemişe diplomatiýa, diýalog we ýagşy niýetli çemeleşme bilen çözmegi saýlap alandygyny belledi.



Degişli Habarlar