Terrora garşy göreş dowam edýär

Soňky bir hepde-de geçirlen operasiýada jemi 39 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Terrora garşy göreş dowam edýär

 

Terrora garşy göreşiň çäginde Yragyň demirgazygyna guralan howa hüjüminde 5 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Türk ýaragly güýçlerinden berlen beýanatda Yragyň demirgazygyndaky Hakurk etrapçasyna howa hüjüminiň guralandygy nygtaldy.

Howa hüjüminde ekstremist terror guramasyna agza 5 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Türk ýaragly güýçleri tarapyndan  soňky bir hepde-de geçirlen operasiýada 4-i guramanyň ýolbaşçysydygy aýdylýan jemi 39 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Köp sanly ýarag we ok-däri ele geçirildi.

Yragyň demirgazygynda geçirlen operasiýada gaçybatalgalar we gowaklar hatardan çykaryldy.

Howpsyzlyk güýçleriniň Diýarbakyr welaýatynyň Kojaköý etrapçasynda geçiren operasiýasynda hem 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Şol terrorçylardan biriniň çal sanawda gözlenýändigi habar berildi.

 

 



Degişli Habarlar