Mewlüt Çawuşogly Sard hereketiniň lideri we soňky saýlawlaryň ýeňijisi Mukteda As Sadr bilen duşuşdy

Çawuşogly bilen Sadr iki ýurdu ýakyndan gyzyklandyrýan ugurlar we Yrakda täze hökümetiň gurulmagy işleri barada pikir alyşdy

Mewlüt Çawuşogly Sard hereketiniň lideri we soňky saýlawlaryň ýeňijisi Mukteda As Sadr bilen duşuşdy

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly düýn agşam Yragyň Nejef şäherinde Sard hereketiniň lideri we soňky saýlawlaryň ýeňijisi Mukteda As Sadr bilen duşuşdy.

Çawuşogly duşuşykdan soň beren beýanatynda Sadr bilen iki ýurdu ýakyndan gyzyklandyrýan ugurlar we Yrakda täze hökümetiň gurulmagy işleri barada pikir alyşandyklaryny aýtdy.

Duşuşygyň netijeli geçendigini aýdan Çawuşogly saparynyň çäginde Hezreti Aliniň Nejef şäherindäki türbedine hem baryp gördi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly düýn Bagdatdaky resmi saparynyň çäginde Yragyň Prezidenti Berhem Salih, Mejlisiň başlygy Muhammed Al Halbusi, täze hökümetiň gurulmagy jogapkärçiligini öz üstüne alan Adil Abdulmehdi, türkmen halk deputatlary, Yragyň ozalky Wise-prezidenti Osame Al Nujeýfi we Bedir guramasynyň lideri Hadi Al Amiri bilen duşuşypdy.

 

 



Degişli Habarlar