“Atatürkiň guran Türkiýe Respublikasyny ähli howplara garşy goramaga dowam ederis”

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar Gazi Mustafa Kemal Atatürkiň guran Türkiýe Respublikasyny türk halkyna miras goýandygyny nygtady we şol mirasa eýe çykmagyň esasy wezipedigini nygtady

“Atatürkiň guran Türkiýe Respublikasyny ähli howplara garşy goramaga dowam ederis”

Hulusi Akar 10-njy noýabr Atatürki hatyralama güni we Atatürk hepdeligi mynasibetli ýüzlenme çap etdi.

Akar ýüzlenmesinde “Atatürkiň guran Türkiýe Respublikasyny ähli howplara garşy goramaga dowam ederis” diýdi.

Hulusi Akar Fetullahçy terror guramasy FETÖ-niň 2016-njy ýylyň 15-nji iýulyndaky agdarlyşylyk synanşygyna garşy tutanýerli göreşiň alnyp barylandygyny ýatlatdy.

Akar ýüzlemesinde terrora garşy göreşe hem ünsi çekdi.

Türkiýe Respublikasyna abanýan howplara garşy göreşiň dowam etjekdigine ünsi çeken Akar “Bu göreş soňky terrorçy ýok edilýänçä dowam eder” diýdi.

 


Etiketkalar: FETÖ , Atatürk , Hulusi Akar

Degişli Habarlar