Türkiýe ABŞ-da guralan ýaragly hüjümi ýazgardy

“Hüjümi ýazgarýarys, hüjümde ýogalanlaryň hossarlaryna we amerikan halkyna gynanç bildirýäris”

Türkiýe ABŞ-da guralan ýaragly hüjümi ýazgardy

Türkiýe ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynda guralan ýaragly hüjümi ýazgardy.

Daşary işler ministrligi tarapyndan berlen ýazmaça beýanatda hüjümde köp sanly adamyň ýogalmagyna we ýaralanmagyna gynanç bildirilýändigi nygtaldy.

Beýanatda “Hüjümi ýazgarýarys, hüjümde ýogalanlaryň hossarlaryna we amerikan halkyna gynanç bildirýäris” diýildi.

Kaliforniýa ştatynda düýn guralan ýaragly hüjümde hüjümçi bilen birlikde 12 adamyň ýogalandygy habar berlipdi.

 



Degişli Habarlar