TDG geçen ýyl Siriýa 316 konteýnerlik ynsanperwer kömegini berdi

Gazna tarapyndan geçen ýyl terrordan saplanan zolaklarda halka günde 120 müň çörek paýlandy

TDG geçen ýyl Siriýa 316 konteýnerlik ynsanperwer kömegini berdi

 

Türkiýäniň Diýanat gaznasy Siriýada içerki uruş sebäpli agyr günleri başdan geçirýän halka geçen ýyl 316 konteýnerlik ynsanperwer kömegini berdi.

Gazna tarapyndan berlen ýazmaça beýanatda, ynsanperwer kömeginiň Siriýada Ýefrat Galkany we Zeýtun şahajygy operasiýasy bilen terrordan saplanan etrapçalara we İdlibiň ýaşaýjylaryna paýlanandygy nygtaldy.

Beýanatda Türkiýäniň Diýanat gaznasynyň ady agzalýan kömegiň paýlanmagy üçin Siriýada 5 merkez açandygy nygtaldy.

Gazna tarapyndan geçen ýyl terrordan saplanan zolaklarda halka günde 120 müň çörek paýlandy

Halap welaýatynyň Azez etrabynda öýlerini terk edenleriň bolýan düşelgesinde her gün 15 müň adama gyzgyz nahar hödürlendi.

Çaknyşyklarda ýykylan 160 metjit hem gazna tarapyndan abatlanyp ýaňadandan ybadata açyldy

 



Degişli Habarlar