2016-njy ýylda Gazpromyň satýan gazynyň mukdary artdy

Gazprom Türk akymynyň Günorta-Gündogar Ýewropadaky potensial sarp edijileriniň 2016-njy ýylda alýan gazynyň mukdaryny artdyrandygyny habar berdi

2016-njy ýylda Gazpromyň satýan gazynyň mukdary artdy

Gazpromdan berilen beýannamada Russiýadan alynýan tebigy gazyň mukdarynda 2016-njy ýylda ozalky ýyl bilen deňeşdirilende ýokarlamalaryň bolandygy nygtalýar.

Şuňa laýyklykda İtaliýa akdyrylan gaz 1,1 göterim ýokarlap, 24,7 milliard m3-a ýetdi. Gazpromdan Bolgariýa akdyrylýan gaz 2,1 göterim ýokarlap, 3,18 milliard m3-a, Gresiýa 35 göterim ýokarlap, 2,68 milliard m3-a, Serbiýa 4,3 göterim ýokarlap, 1,75 milliard m3-a, Rumyniýa 740 göterim ýokarlap, 1,48 m3-a barabar bolupdyr.

Berilen beýannamada şol artyşyň Türk akymy taslamasynyň şol ýurtlaryň tebigy gaza bolan islegleriniň kanagatlandyrylmagy taýdan wagtynda we ýerlikli başlangyç bolandygyny subut edýändigi nygtalýar.


Etiketkalar: Türk akymy , artdy , gaz satuwy , Gazprom

Degişli Habarlar