Ukrainadaky türk maýa goýumlary 2,5 milliard dollara golaýlady

Soňky 15 ýylda Ukraina bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklar gün saýyn pugtalanýar

Ukrainadaky türk maýa goýumlary 2,5 milliard dollara golaýlady

 

Türk-Ukraina işewür adamlary jemgyýetiniň başlygy Burak Pehliwan Ukrainanyň garaşsyzlygynyň ykrar edilmeginden soň Ukrainadaky türk maýa goýumlarynyň 2,5 milliard dollara golaýlandygyny aýtdy.

Pehliwan Himenistskiý senagat we söwda bileleşigi tarapyndan geçirlen Ykdysadyýet forumynda eden çykyşynda Ukrainanyň soňky 3,5 ýyldan bäri uly reforma etabyny başdan geçirýändigine ünsi çekdi we şol döwürde girizilen kanuny üýtgetmeleriň ýurduň ösüşine itergi berendigini belledi.

Türkiýe-Ukraina erkin söwda şertnamasynyň baglaşylmagynyň iki ýurduň arasyndaky söwda  gatanşyklarynyň we maýa goýumlaryň artmagynda uly rol oýnap biljekdigine ünsi çeken Pehliwan sözlerini şeýle dowam etdirdi: “Soňky 15 ýylda Ukraina bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklar gün saýyn pugtalanýar. Ukrainadaky türk maýa goýumlary 2,5 milliard dollara golaýlady”.

 

 



Degişli Habarlar