Ýolagçy sany 11 aýda 179 milliondan geçdi

Ýolagçy gatnawy geçen ýylyň ady agzalýan döwri bilen deňeşdirilende 10,5 göterim artdy

Ýolagçy sany 11 aýda 179 milliondan geçdi

 

Türkiýede üstümizdäki ýylyň 11 aýlyk döwründe ýolagçy gatnawy geçen ýylyň ady agzalýan döwri bilen deňeşdirilende 10,5 göterim artyp 179 million 111 müň 691 adama ýetdi.

Döwlet Howa meýdanlary Baş müdürlüginiň noýabr aýyndaky görkezijilerine görä, noýabr aýynda Türkiýäniň howa menzillerinde uçar gatnawy geçen ýylyň ady agzalýan döwrü bilen deňeşdirilende içerki uçuşlarda 0,6 göterip artyp 71 müň 33, daşarky uçuşlarda bolsa 6,6 göterim artyp 38 müň 173-e ýetdi.

 

 

 



Degişli Habarlar