Senagat önümçiligi artdy

Senagat önümçiligi 2017-nji ýylda 2016-njy ýyla garanyňda 8,7 göterim artdy

Senagat önümçiligi artdy

Türkiýäniň Hasabat guramasy 2017-nji ýylyň senagat önümçiligi bilen bagly habarnama çap etdi.

Şoňa laýyklykda möwsüm we senenama täsirinden saplanan senagat önümçiligi dekabr aýynda noýabr aýyna garanyňda 0,9 göterim artdy.

Senenama täsirinden saplanan senagat önümçiligi 2017-nji ýylyň dekabr aýynda 2016-njy ýylyň dekabr aýyna garanyňda 8,7 göterim artdy.

Beýleki tarapdan senagat önümçiligi indeksinde bu döwürde 6,5 göterim artdy.

Ykdysadyýetçiler geçen ýylyň dekabr aýynda senagat önümçilginiň indeksiniň ýyllyk 4,8 göterim artjakdygyny çak edýärdiler.

Dekabr aýynda senenama täsirinden saplanan senagat önümçiligi indkesiniň ýyllyk 6,4 göterim, möwsüm we senenama täsirinden saplanan senagat önümçilik indeksiniň aýlyk 0.2 göterim artjakdygyny çak edipdiler.



Degişli Habarlar