Saud Arabystany Ispaniýadan harby gämi alar

Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Muhammed Bin Salmanyň Ispaniýa guran saparynyň çäginde 5 harby gäminiň satyn alynmagy üçin ylalaşyk teswirnamasy baglaşyldy

Saud Arabystany Ispaniýadan harby gämi alar

Ispaniýa guran saparynyň çäginde ilki Ispan Şasy Felip tarapyndan kabul edilen Mirasdar Şazada Bin Salman soň bolsa Premýer ministri Mariano Ražoý we Goranmak ministri Maria Dolores Kospedal bilen duşuşdy.

Özara we toparara gepleşiklerden soň iki ýurduň arasynda harby gäminiň satyn alynmagy üçin teswirnama baglaşyldy

Ylalaşyk teswirnamasyna laýyklykda Saud Arabystany  Ispaniýadan gymmaty 2 milliard ýewro barabar bolan 5 sany Awante 2200 kysymly harby gämi satyn alar

 

 

 



Degişli Habarlar