Antalýa gelýän nemes we rus syýahatçylaryň sany artýar

Türkiýäniň Antalýa syýahatçylyk zolagyna ýylyň ilkinji 4 aýynda dynç almaga gelen syýahatçylaryň sany 1,2 milliondan geçip, gelen syýahatçylaryň 50,4 göterimi nemeslerden we ruslardan ybarat

Antalýa gelýän nemes we rus syýahatçylaryň sany artýar

Ýanwar-aprel aýlary aralygynda Antalýa howa ýollary bilen 1 million 201 müň 653 daşary ýurtly syýahatçy geldi. 

Ýylyň ilkinji 4 aýynda Antalýa gelen daşary ýurtly turistleriň sany geçen ýylyň ilkinji 4 aýyna garanyňda 41 göterim artdy. 

2017-nji ýylyň ilkinji 4 aýynda 855 müň 23 daşary ýurtly syýahatçy gelipdi. 

Antalýa şu ýyl iň köp syýahatçy iberen ýurt 309 müň 602 adam bilen Germaniýa boldy. 

Germaniýadan soň iň köp syýahatçy iberen ýurt 296 müň 189 adam bilen Russiýa boldy. 

Germaniýadan gelen syýahatçylaryň sany geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 35 göterim, Russiýadan gelen syýahatçylaryň sany bolsa 59 göterim artdy. 

Iki ýurtdan gelen jemi syýahatçylaryň sany 605 müň 791 adam bolup, bu dereje Antalýa gelen jemi daşary ýurtly syýahatçylaryň sanynyň 50,4 göterimine deň boldy. 

Ýylyň ilkinji 4 aýynda Antalýa iň köp syýahatçy iberen 3-nji ýurt bolsa 69 müň 466 adam bilen Britaniýa boldy. 

 



Degişli Habarlar