Energetikanyň “Ýüpek ýoly” TANAP dabaraly ýagdaýda açyldy

" TANAP şol bir wagtda bilelikde durmuşa geçirjek täze taslamalarymyzyň buşlukçysydyr”

Energetikanyň “Ýüpek ýoly”  TANAP dabaraly ýagdaýda açyldy
Energetikanyň “Ýüpek ýoly” TANAP dabaraly ýagdaýda açyldy
Energetikanyň “Ýüpek ýoly” TANAP dabaraly ýagdaýda açyldy

Energetikanyň “Ýüpek ýoly” TANAP dabaraly ýagdaýda açyldy

Azerbaýjanyň tebigy gazyny Türkiýeden üstaşyr Ýewropa akdyrjak Trans Anadoly  tebigy gaz turba geçiriji taslamasy TANAP dabaraly ýagdaýda açyldy.

Taslamanyň Eskişehirde geçirlen açylyş dabarasyna Prezident R. T. Erdogan, Azerbaýjanyň Prezideni Ilham Aliýew, Gürjistanyň Prezidenti Giorgi Margwelaşwili bilen Ukrainanyň Premýer ministri Peto Poroşenko gatnaşdy.

Prezident Erdogan dabarada eden çykyşynda şu günki günde energetikanyň “Ýüpek ýoly” hökmünde atlandyrlan TANAP taslamasyny dabaraly ýagdaýda açýandyklaryny aýtdy.

“Energetikany çaknyşyk däl eýsem hyzmatdaşlyk üçin amatly şert hökmünde görýän garaýşymyz TANAP arkaly ýene-de bir gezek özüni görkezdi” diýen Prezident R. T. Erdogan “TANAP bilelikdäki hyzmatdaşlygymyzyň soňky miwesidir. TANAP şol bir wagtda bilelikde durmuşa geçirjek täze taslamalarymyzyň buşlukçysydyr” diýdi.

TANAP-yň ilkinji etapda ýyllyk  mümkinçiliginiň16 milliard kub metre barabar boljakdygyny aýdan Prezident Erdogan, şonuň 10 milliard kub metriniň Ýewropa ýurtlaryna akdyryljakdygyny, galan 6 milliard kub metriniň bolsa Türkiýede sapr ediljekdigini ýatlatdy.

Erdogan taslamanyň mümkinçiliginiň wagtynyň geçmegi bilen ilki 22 milliard kub metr, soň bolsa 31 milliard kub metre çykarylmagynyň maksat edinilýändigini belledi.

Prezident Erdogan TANAP taslamasynyň  Hazar oazisinden Ýewropa ýurtlaryna çenli geçirijiniň geçýän ýurtlarynyň durnuklylygyna we iş mümkinçiliginiň döredilmegine goşant goşjakdygyny sözleriniň üstüne goşdy.

Prezident Erdogan Gresiýa ilkinji gazyň 2019-njy ýylyň iýun aýynda akdyrylmagynyň maksat edinilýändigini belledi.



Degişli Habarlar