Altaý taňklary öňümizdäki günlerde seriýalaýyn häsýetde öndürilmäge başlanar

Türkiýäniň milli söweş taňky Altaý öňümizdäki günlerde seriýalaýyn häsýetde öndürilmäge başlanar

Altaý taňklary öňümizdäki günlerde seriýalaýyn häsýetde öndürilmäge başlanar

Goranmak senagatynyň başlygy Ismail Demir, Anadoly habarlar gullugyna beren beýanatynda, seriýalaýyn häsýetde öndürilmek bilen bagly geçirilen gepleşikleriň tamamlanandygyny, islendik pursat gollaryň çekilip bilinjekdigini mälim etdi. 

Ismail Demir, şertnama gol çekileninden 18 aý soň bolsa Altaý taňklarynyň ilkinjileriniň öndürilmäge başlanjakdygyny habar berdi. 

Ismail Demir mundan başgada, taňklara inegrasiýa edilýän goranyş ulgamlary PULAT we AKKOR-yň bolsa 2019-njy ýylyň ikinji ýarymynda seriýalaýyn ýagdaýda öndürilmäge başlanjakdygyny beýan etdi. 

 


Etiketkalar: öndürilmek , taňk , Altaý

Degişli Habarlar