Eýran, Russiýa we Saud Arabystanyna nägilelik bildirdi

Erdebili, her iki ýurdyň gündelik nebit önümçiliklerini 1 million barrel azaltmalydyklaryny nygtady

Eýran, Russiýa we Saud Arabystanyna nägilelik bildirdi

Eýranyň Nebit eksport edýän ýurtlar guramasynyň (OPEC) wekili Hüseýin Kazympur Erdebili, Russiýanyň we Saud Arabystanynyň nebit önümçiliklerini artdyrandygyny we bu ýagdaýyň nebitiň her barreliniň bahasynyň 15 dollar arzanlamagyna sebäp döredendigini habar berdi. 

Eýranyň Nebit ministrligine degişli bolan SHANA habarlar agentligine beýanat beren Erdebili: "Nebit önümçiliginiň artmagy ady agzalan önümiň bahasynyň artmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaý beýleki öndüriji ýurtlara zyýan ýetirýär. Russiýa we Saud Arabystany nebit önümçiliklerini azaltmaly" diýdi. 

Erdebili, her iki ýurdyň gündelik nebit önümçiliklerini 1 million barrel azaltmalydyklaryny nygtady. 

Energetika Howsyzlygy analiz kärhanasynyň habarnamasyna görä, Eýranyň Ýewropadaky nebit ýitgileriniň öwezini şu aýdan başlap Russiýa öz üstüne aldy. 

Russiýanyň ýewropaly nebit kärhanalarynyň Eýrandan nebit importlaryny bes etmekleri bilen ÝB ýurtlaryna nebit eksportyny artdyrjakdygy çak edilýär.  

 



Degişli Habarlar