Ýanwar aýynda 42 ýurda çaý eksport edildi

Çaý eksporty geçen ýylyň ýanwar aýy bilen deňeşdirilende 102 göterim artdy

Ýanwar aýynda 42 ýurda çaý eksport edildi

Türkiýe üstümizdäki ýylyň birinji aýynda Germaniýanyň, Fransiýanyň we Gollandiýanyň başda durmagynda 42 ýurda çaý eksport etdi.

Gündogar Garadeňiz eksportçylar bileleşiginiň görkezijilerine görä, ýanwar aýynda 318 tonna çaý eksport edildi we 773 müň 67 dollarlyk girdeji gazanyldy.

Çaý eksporty geçen ýylyň ýanwar aýy bilen deňeşdirilende 102 göterim artdy.

Ýanwar aýyndaky çaý eksportunda 274 müň 515 dollar bilen Germaniýa birinji orny eýeledi.

Germaniýadan soň 165 müň 232 dollar bilen Fransiýa ikinji, 85 müň 410 dollar bilen Gollandiýa bolsa üçünji orny eýeledi.

2018-nji ýylyň ýanwar aýynda 151 tonna çaý eksport edilip 382 müň 617 dollarlyk girdeji gazanylypdy.


 

 


Etiketkalar: Germaniýa , eksport , çaý

Degişli Habarlar