Stambuldaky howa menzillerinden ýanwar aýynda 56 müňden gowrak uçar gatnawy amala aşyryldy

Stambuldaky howa menzillerinden şu ýylyň ilkinji aýynda ýurdyň içine we daşary ýurtlara 56 müň 420 uçar sapary amala aşyryldy

Stambuldaky howa menzillerinden ýanwar aýynda 56 müňden gowrak uçar gatnawy amala aşyryldy

Alynan maglumata görä, mega şäherdäki howa menzillerinden ýanwar aýynda gelen we giden jemi ýolagçy sany bilen amala aşyrylan uçar saparlary, geçen ýylyň şol aýy bilen deňeşdirilende artdy.

Atatürk howa menzilinde 2019-njy ýylyň ýanwar aýynda içerki terminaldan 1 million 400 müň 790 ýolagçy, daşary ýurt terminalyndan 3 million 718 müň 23 bolmak bilen jemi 5 million 118 müň 813 ýolagçy hyzmat aldy.  

Sabiha Gökçen halkara howa menzilinde bolsa geçen aý ýolagçylaryň 1 million 783 müň 145-i içerki terminaldan, 874 müň 701-i bolsa daşary ýurt saparlarynyň guralýan terminalyndan syýahat etdi.

Ilkinji bölegi geçen ýylyň 29-njy oktýabrynda dabara bilen açylan Stambul howa menzilinde bolsa ýylyň ilkinji aýynda içerki gatnawlarda 59 müň 935 adam, daşary ýurt gatnawlaryndan bolsa 32 müň 288 ýolagçy peýdalandy.

Şeýlelik bilen şäherdäki 3 howa menzilinde şu ýylyň ýanwar aýynda myhman edilen ýolagçy sany 7 million 968 müň 882 hökmünde kesgitlendi.

2019-njy ýylyň ilkinji aýynda, Türkiýedäki ähli howa menzillerinden jemi 104 müň 691 uçar bilen hem ýurdyň öz içine hem-de daşary ýurtlara uçar saparlary amala aşyryldy.

Şol gatnawlaryň takmynan 54 göteriminiň Stambuldan amala aşyrylandygy beýan edildi.



Degişli Habarlar